GYZYKLY GEÇEN ÝARYŞ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 4-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi» ady bilen sportuň tanap çekmek görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Çagalar öz aralarynda, “Aý” hem-de “Gün” topara bölündiler. Körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler we wagtlaryny şatlykly geçirdiler. Bäsleşigiň dowamynda işjeňlik görkezen körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri  döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Ogulnur BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 27 okalan

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

13 Awgust 2025 | 26 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

12 Awgust 2025 | 61 okalan

ARZUWLARYŇ HASYLYDYR BU WATAN