BIZ – SAGDYN NESILLER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 6-njy çagalar bagynda “Biz – sagdyn nesiller” atly sport çäresi geçirildi.

Körpeler “Bagtyýarlyk” hem-de “Sagdynlyk” toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Ýaryşda çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda ýeňiji bolan topara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna akyş sözlerini aýtdylar.

Zylyha BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 51 okalan

ARZUWLARYŇ HASYLYDYR BU WATAN

12 Awgust 2025 | 44 okalan

BAGTYÝAR ÇAGALYK – BAGTLY GELJEK

11 Awgust 2025 | 43 okalan

GEŇEŞLI ÝURT – BAKY BAGTYŇ MEKANY