31-nji dekabrdan 2019-njy ýylyň ilkinji güni bolan — 1-nji ýanwara geçilen tolgundyryjy pursady ähli ildeşlerimiz uly dabaralar bilen garşyladylar we her bir maşgalada uludan belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
28-nji dekabrda, geçen ýylyň hasaby boýunça iň soňky geçiren mejlisinde ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taryha tarap ugradylan ýyl ýurdumyz üçin rowaçlykly, üstünlikli hem-de ýatda galyjy boldy.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ajaýyp ýyl şatlyk-şowhun bilen garşylandy. «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.
Medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde belli estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda tomaşaçylara şatlyk paýlaýan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Folklor äheňleri boýunça tans çykyşlary guraldy. «Galkynyş», «Laçyn», «Näzli», «Aşgabat», «Meňli» tans toparlary we Döwlet tans topary aýdymçylaryň çykyşlaryny bezedi. Bu konsert iki sagada golaý dowam edip, «Geldi Täze ýyl» atly aýdymy tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmagy bilen ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde tamamlandy.
Soňra alyp baryjylar türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan teleköpriniň başlanýandygyny yglan etdi.
Teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna yzly-yzyna ýurdumyzyň welaýatlary goşuldylar. Welaýatlaryň estradaçylary we döredijilik toparlary hem-de köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, oba ýaşaýjylary we çagalar bar.
Ilki bilen, teleköprä Ahal welaýaty goşuldy. Täze ýyly wasp edýän gutlagly goşgulardan soň, bu ýerde guralýan şanly waka mynasybetli, ýörite taýýarlanan baýramçylyk konsertine orun berildi. Soňra teleköprüde Balkan welaýaty peýda boldy. Deňiz ýakasyndaky sebitiň ähli ilatynyň adyndan tutuş watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdyp, günbatar welaýatyň wekilleri taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezdi. Nobat Daşoguz welaýatyna berildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti döredijilik dessurlaryna we zehinli artistlere baý bolmak bilen, olar gutlag sözlerinden soň, taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdi. Bu ýerde guralan teleköprini Lebap welaýatynyň wekilleri dowam etdi. Olar tutuş halkymyzy we milli Liderimizi Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlap, şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Gezek Mary welaýatynyň ilatyna ýetdi. Sebitiň wekilleri, artistler we körpe ýerine ýetirijiler Täze ýyl gutlaglaryny beýan etdiler. Baýramçylyk teleköprüsini paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň ilaty jemledi. Tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Oguz han» Köşkler toplumyndan Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy göni ýaýlym arkaly ýetirildi.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýylda hemmelere bagt, uly üstünlikler we abadançylyk arzuw etdi. Halkymyzy buýsanja besleýän Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Baýramçylyk feýerwerki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezedi. Parahat asmanda öwşün atyp, töweregi nura beslän yşyklar halkymyzyň ýagty geljeginiň we rowaç ýollarynyň buşlukçysydyr.
“Nesil” gazeti,
03.01.2019ý.