Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň maksady milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakdan, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da gowulandyrmakdan we abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda esasy ugurlaryň biri-de telekeçiligi ösdürmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Biziň öňümizde milli ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösdürmek boýunça giň gerimli strategik wezipeler durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin telekeçiligi goldamak, telekeçileriň hukuklaryny goramak üçin yzygiderli işler dowam etdirilýär. Hususy pudaga şeýle goldawy bolsa diňe kuwwatly, adalatly we durnukly ösýän döwlet berip biler» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen telekeçileri ýokary hilli azyk, gurluşyk we beýleki önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýär.
Golaýda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde ulanmaga berlen täze önümçilik toplumy hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, bu ýerde «Agaýana» hususy kärhanasynyň gowaça baldagyndan we agaç galyndylaryndan gurluşykda ulanylýan serişde bolan DSP öndürýän täze desga gurlup, ulanmaga berildi. «Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ykdysady başlangyçlaryň döwlet tarapyndan doly derejede goldanylýanlygy ýurdumyzyň telekeçilerini has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar» diýýän ezber telekeçi Çarymyrat Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän bu kärhananyň bir ýyldaky önümçilik kuwwatlylygy 20 müň kub metr önüm öndürmäge ukyplydyr. Zawodda öndüriljek önümiň çig malynyň 70 göterimi ýerli serişdelerden ybarat bolup, diňe 30 göterimi daşary ýurtlardan getirilýär. Bu ýerde DSP-niň dürli görnüşleri öndürilýär. Häzirlikçe 50 adama iş orny döredilen zawodyň uly geljegine bil baglanylýar.
Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän «Agaýana» hususy kärhanasynyň DSP önümçilik zawodynyň hünärmeni Guwanç Kurbanow bilen söhbetdeş bolanymyzda:
— Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagy bazar ykdysadyýetiniň esasy bölegi hökmünde hereket edýär. Telekeçiler gurluşyk materiallaryny öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen bäsleşip bilýär. Ony telekeçileriň durmuşa geçirýän işlerinde-de aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşandyny bellemegi biz — telekeçileri ruhlandyrdy. Ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açýan, bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmak barada uly tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýmeginde hem türkmen telekeçiliginiň barha belende galýandygyny görmek bolýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine telekeçileriň mynasyp goşant goşmaklary üçin ýurdumyzda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» hereket edýär. Kiçi we orta telekeçiligiň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, döwletiň daşarky söwda dolanyşygynda telekeçiligiň paýyny artdyrmak ýaly meseleler bu hukuk namalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň şeýledigine bolsa «Agaýana» hususy kärhanasynyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän DSP önümçilik desgasynda has-da anyk göz ýetirdik.
Hakykatdan hem, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösdürilmeginde ýaş telekeçileriň hem paýynyň bardygyny bellemek gerek. Sebäbi döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir.
Döwran AKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
05.01.2019ý.