Günleriň günlerden zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi. Her günki dogýan nurana Gün türkmen halkyna ruhubelentlik eçilýär. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda erkana ýaşaýar, döredýär, gurýar. Bedew batly ösüşli ýurtda ýaşaýan türkmen halky her bir gününi altyn harplar bilen taryha ýazýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylyň her bir güni bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirdi. Tamamlanan ýylymyzda ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da pugtalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalary netijesinde bu günki gün ýurdumyz sebitde we bütin dünýäde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän döwlet hökmünde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda garşy alynýan her bir ýyly ýörite şygar astynda geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ol şygarlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri, beýik maksatlary şöhlelenýär. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Gündogaryň hem Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyryjy köpri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini açyp görkezmekde, döwletleriň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklarynda bu kerwen ýolunyň eýelän ornuny berkitmekde hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmekde Türkmenistan döwletimizde asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasyny içgin öwrenmekde we geljekki nesillere miras galdyrmakda durmuşa geçirilen tutumly işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky başlangyç bolsa ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini beýan edýän özboluşly çagyryşdyr. Hakykatdan hem, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzda 2019-njy ýyl üçin şeýle şygaryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. Çünki hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dünýä nusgalyk işleri bilen üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär.
Tutuş halkymyzda, aýratyn hem, ýaş nesillerde mähriban Watanymyza bolan söýgini, buýsanjy has-da berkitmekde 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly şygar astynda geçirmek aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi Gahryman Arkadagly ýurdumyzyň ýaşlarynyň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdir. Watana bolan söýgi bolsa ähli üstünlikleriň we rowaçlyklaryň gözbaşydyr!
Aýgül RAHYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
01.01.2019ý.