4 — 12-nji iýun aralygynda Şri-Lanka Respublikasynyň Kolombo şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Dünýäniň 9 ýurdundan 110 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda türkmen küştçüleri hem üstünlikli çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar.
Ýurdumyzyň ýygyndy toparyna altyn medaly Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Leýla Şöhradowa getirdi. Küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda oňa taý tapylmady. Ýurdumyzyň türgenleriniň beýleki 2 medaly küşdüň adaty görnüşinden gazanyldy. FIDE-niň ussady, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň talyby Lala Şöhradowa kümüş, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow bolsa bürünç medallary gazandylar.
Türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarda yzygiderli üstünlikli çykyş edip, Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) reýting sanawynda eýeleýän derejelerini barha gowulandyrýarlar. Çuň we strategik pikirlenip bilýänleriň sportuna bolan gyzyklanma halkymyzda ähli döwürde hem ýokary bolupdyr. Häzirki döwürde küşt sporty boýunça ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen dürli ýaryşlar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn günlerde paýtagtymyzda küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara ýaryşyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek.
atavatan-turkmenistan.com