MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň  maslahatlar jaýynda Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda halypa tälimçileriň hem-de ýaş tälimçileriň gatnaşmagynda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramakda, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmekde we  ýaşlaryň saglygyny berkitmekde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Begenç ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Türkmenabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 282 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 270 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1305 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR