DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 38-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramagynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy - dünýä jemgyýetinde ynsanperwer ýörelgesiniň nusgalyk göreldesi» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesli watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylymly-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy ýörelgelerimiziň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şöhrat KADYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 282 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 270 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1305 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR