2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň gurnamagynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlar meselesi boýunça kömekçisi jenap Felipe Paullier şeýle hem, BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň maglumat seljeriş işleri boýunça hünärmeni jenap Tomas Malik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşyga TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy, Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümleriniň hünärmenleri, şeýle “Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalynyň jogapkär kätibi gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, onda ýaşlar hyzmatdaşlygyna degişli dürli ugurlar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar taraplaryň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ähmiýeti dogrusynda, geçirilýän dürli çärelere döwletleriň ýaşlarynyň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Selbi ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.