TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

Ene-mamalarymyzyň çeper eliniň önümi bolan türkmen halylary gadym döwürlerden bäri üýtgeşikligi, nepis gözelligi bilen görenleri özüne çekip, haýrana goýup gelipdir. Türkmen gözelleriniň diňe bir elleriniň çeperligi däl, eýsem olaryň kalbyndaky iň gözel duýgularyna beslenen halylaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseridir. Halyçylyk senedi zenanlar tarapyndan sungat derejesine ýetirilip nesilden-nesle geçip gelýär. «Bu ýerde dünýädäki iň inçe hem owadan halylary döredýärler» diýip, baryp ХIII asyrda Wenesiýaly syýahatçy Marko Polo ýazyp geçipdir.

Beýik watançylyk urşunyň kynçylykly döwründe türkmen zenanlarynyň dokan «Türkmen kalby» atly halysy, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň on ýyllygy mynasybetli dokalan, dünýädäki iň äpet el halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, ululygy 301 inedördül metr bolan «ХХI asyr Türkmeniň altyn asyrydyr» atly haly muzeýde saklanylyp ol ýere daşary ýurtdan gelen myhmanlary şeýle hem halkymyzy haýran galdyrýar.

Türkmen halylarynyň iň ýokary derejede inçelik bilen dokalyşyny synladygyňça haýran galýarsyň. Çünki halylar ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň kalbynyň, ýüreginiň arzuwlarydyr. Eger-de türkmen halylaryny ünsli synlasaň, onda täsin, özboluşly, gaýtalanmajak ýeke-täk milli aýratynlygy görýärsiň. Türkmen halylary çitimleriniň ýerbe-ýerligi we dürliligi bilen beýleki halklaryň halylaryndan tapawutlanýar. Ökde halyçylar bolsa iki ýüzli halylary hem dokapdyr. Olar öz eden işinden lezzet alyp, onuň gözelligine guwanypdyr. Hala kalbynyň owazyny, ylham-joşgunyny, mähir-söýgüsini, yhlasyny siňdiripdir.

«Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän haly sungaty barada bir wakany ýatlap geçeliň. XX asyryň başlarynda Esger atly suratkeş bilen ýaş türkmen gyzy Bossanyň dokan täsin halysyny gören adam haýran galýar. Halynyň ýüzündäki esasy şekili gadymy Änewiň Şyh Seýit Jelaleddin metjidiniň şekili bolupdyr. Bu halyny «Aždarhaly» haly diýip atlandyrypdyrlar. Şeýle ajaýyp nusgawy halylar türkmen halkynyň ruhuny göterýär. Çünki biz halynyň ýüzünde dürli-dürli hadysalary görýäris we türkmen halkynyň geçmişiniň owazyny eşidýäris.

Halyçy türkmen gelin-gyzlar Garaşsyzlyk ýyllary içnde öz hünärlerini has ýokary derejä çykardylar. Türkmen halky halyçy gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döredýän owadan, nepis halylaryna uly hormat goýýar. Çünki türkmen halysy gaýtalanmajak ýeke-täk eserdir. Ol biziň geçmişimizden, häzirki we gelejekki bagtly durmuşymyzdan habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň başga-da birnäçesini bu sanawa girizmäge hödürlemek boýunça işler dowam etdirilýär.

Umuman, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, halyçylyk sungaty ösdürilýär, gelin-gyzlarymyzyň ezber çeken halal zähmetine mynasyp baha berilýär hem-de täzeçillik öwüşginleri girizilip, halyçylyk sungaty yzygiderli dowam etdirilýär.

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň

I derejeli  kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 59 okalan

TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

21 Maý 2025 | 40 okalan

IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

16 Maý 2025 | 505 okalan

DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER