IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

Ümmülmez Garagumyň ortasynda ýerleşen bir guýynyň başyndaky gum obasynda dünýä inen Rejep ilkinji gezek sekiz ýaşynda şähere geleninde buzgaýmak dadyp görüpdi. Tomsuň yssysynda hem sowuk hemem gaty süýji tagamly buzgaýmak onuň üçin dünýädäki iň şirin tagam bolup göründi. Obalaryna gelen soňam özi bilen deň-duşrak çagalaryna şäherde gören geň zatlary barada aýdyp bereninde ilkinji gürrüňi buzgaýmak boldy. Şondan soň şähere gitmek, agajyň kölegesinde, stoluň başynda oturyp buzgaýmak iýmek onuň baş arzuwyna öwrüldi.

Emma diňe arzuw edeniň bilen buzgaýmak geliberýärmi näme?

Ony Garagumyň ortasyna getirmek mümkin däl-ä?

Şonuň üçin Rejep sabyrlylyk bilen garaşmaly boldy. Şondan bäş ýyl geçensoň Rejep ýene-de şähere gitmeli boldy. Özem bu gezek geçen gezekki ýaly kakasy bilen däl, goňşulary Anna aganyň ogly Durdynyň maşynyna münüp, özbaşdak gitmeli. Rejep muňa diýseň begendi. Beýle wagtda, wagtam gaty haýal geçýär. “ertir irden ugraýas” diýlen güni gije gaty uzaga çekdi.

Ahyry garaşylan daňam atdy. Maşyna münüp ugradylar. Şähere gelen soňlar, Rejep ilki ejesi, kakasynyň eden sargytlaryny bitirdi. Almaly, goýmaly zatlary alyp, Durdynyň maşynyna ýüklediler. Durdy “men saçymy oňartjak” diýip dellekhana girdi. Rejep hem buzgaýmak satylýan ýere. Şol öňki ýer, mähellesi ýetik. Tomsuň güni bolansoň her kim salkynda oturyp buzgaýmak iýip teşneligini gandyrmakçy. Köpüsem çagalar. Rejebem nobata durdy.

Onuň öň ýanynda dokuz-on ýaşly gyzjagaz bäş-alty ýaşlaryndaky oglan jigisi bilen nobata durdy. Olaryň nobaty ýetip, hersi bir buzgaýmak alyp, gapdaldaky oturgyja geçip, oturyp buzgaýmak iýmäge başladylar. Rejep hem, bir buzgaýmak alyp olaryň golaýynda ýerleşdi.

Ol elindäki buzgaýmagyny dadybam ýetişmändi. Hälki çagajyk elindäki buzgaýmagyny gaçyryp, aglamaga başlady. Ýanyndaky gyz dogany oňa öz buzgaýmagyny uzatsa-da ol hötjetlik edip, ýary iýilen buzgaýmagy alman gaýtadan aldyrjak bolup aglaýardy. Bu wakany synlap duran Rejep derrew:

-Al, jigim men saňa getirdim-ä şuny. Özüme gaýtadan alaýaryn, ýöne aglama bolýamy? -diýip- oňa öz elindäki buzgaýmagy uzatdy.

Ýylgyryp, buzgaýmak uzadyp duran Rejebiň ýüzüne ýüzi düşenden hälki çagajyk aglamasyny bes edip, özüne uzadylan buzgaýmagy aldy. Onuň uly dogany utanyp “Sag boluň” – diýdi.

Rejep özüne täze buzgaýmak getirip iýmäge başlady. Onuň agzyna buzgaýmagyň süýji we sowujak tagamam datly bolup degdi welin, hälki körpejäniň şadyýan halda işdämenlik bilen buzgaýmak iýşini synlamak oňa buzgaýmagyň tagamyndan has tagamly lezzet berdi. Şol gün Rejep ilkinji gezek ynsanperwerligiň tagamyny hem duýdy.

Gaýly GURBANNAZAROW,

Görogly etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň

12-nji synp okuwçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 59 okalan

TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

21 Maý 2025 | 40 okalan

IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

16 Maý 2025 | 505 okalan

DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER