Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatyň Baş Baýdak meýdançasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, welaýat Halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýatyň il sylagly ýaşulusy Duşak Annagulyýew dagylar çykyş edip, Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi, Döwlet baýdagymyzyň döwletliligiň nyşany bolup, Watanymyzyň beýik geljegini alamatlandyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maksat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.