GYZ EDEBI GYZYL GÜL

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň etrap zenanlar bölümi, etrap prokuraturasy, etrap Migrasiýa bölümi, etrabyň Döwlet notariusy, etrap polisiýa bölümi, etrap bilim bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda “Gyz edebi gyzyl gül” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap prokurorynyň kömekçisi Mähri Annamuhammedowa, etrap migrasiýa bölüminiň uly gözegçisi, maýor Esen Agaýew, şäheriň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Ýazgül Öwezowa dagylar çykyş edip, ýurdumyzda zenan mertebesiniň belende göterilýändigi, olaryň, zähmetine, döredijiligine sarpa goýulýandygy, zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň işlerine işjeň gatnaşýandyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Meretgeldi ANNAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar