Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda şäheriň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Ýaşlaryň hem-de bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň uly buhgalteri Abdylla Hudaýberdiýew, “Maru – şahu jahan” gazetiniň bölüm redaktory Sülgün Şadyýewa, 36-njy orta mekdebiň mugallymy, IÝG-niň başlygy Güljahan Allanazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Tahyrowa dagylar çykyş edip, döwletimiziň alyp barýan netijeli içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzda dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.