MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Esasy Kanuny — bagtyýar halkymyzyň buýsanjydyr” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahadyň dowamynda Baýramaly etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maral Garagulowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Selbi Kommanowa, Mary etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy, TKA-nyň işjeň agzasy Muhammetmyrat Allagulyýew, welaýat kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Maýsa Berdigulyýewa dagylar çykyş edip, ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işleriň düzýändigi, Döwlet baýdagymyzyň türkmen halkynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan ygrarlylygy özünde jemleýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň ajaýyp zamanada bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi, ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar