Ýakynda Baýramaly etrap we şäher häkimlikleriniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap we şäher bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýaşuly nesliň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — asudalygyň we parahatçylygyň kepili” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Baýramaly etrap häkiminiň orunbasary Maýsa Nurklyçewa, etrabyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maral Garagulowa, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjylary — sylagly ýaşuly Durdygylyç Baýramow hem-de mährem ene Aýnabat Çerkezowa dagylar çykyş edip, ýurdumyzda milli kanunçylygyň esasyny düzýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan belent maksatly işler hem-de baky jebisligi, parahatsöýüjiligi, dost-doganlygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzyň milli aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy asudalygyň, parahatlygyň mekanyna öwürmek, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.