GYZ EDEBI — GYZYL GÜL

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrap prokuraturasy, etrap zenanlar bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň Talhatan baba oba medeniýet öýünde orta mekdepleriň 10-njy synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda “Gyz edebi — gyzyl gül” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda etrap häkiminiň orunbasary, zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, etrap prokurorynyň kömekçisi Mähri Annamuhammedowa, etrap kazyýetiniň işgäri Muhammetberdi Akmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri, etrap gyzlar guramasynyň başlygy Jennet Orazowa, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler bölümçesiniň gözegçisi Baýmyrat Ýazlyýew dagylar çykyş edip, ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygy, olaryň türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli gymmatlyklaryny, medeni we ruhy mirasyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga mynasyp goşant goşýandyklary, şeýle hem keşdeçilik, halyçylyk sungaty dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenan mertebesini belentde saklamak, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar