BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäräniň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Bu ýerde ýerine ýetirilen kompozisiýa we ajaýyp tanslar, ýaňlanan şirin owazlar ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň waspyny ýetirip, dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýan, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hojaberdi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň hojalyk işleri

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar