BEDENTERBIÝE WE SPORT — SAGDYNLYGYŇ GOŞA GANATY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň welaýat Baş bilim müdirligi, şäher Polisiýa bölümi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Soltan Sanjar adyndaky 3-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň goşa ganaty» ady bilen Mary şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlaryndan düzülen ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bäsleşik utulan çykdy usulynda geçirilip, onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanyp, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan orta mekdepleriň ýygyndy toparlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede şäheriň 25-nji orta mekdebiniň ýygyndy topary baş baýraga we TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň göçme kubogyna, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň ýygyndy topary I orna, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň ýygyndy topary II orna, 6-njy orta mekdebiň ýygyndy topary bolsa III orna mynasyp boldular. Baş baýraga mynasyp bolan topara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň göçme kubogy, Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara hem Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sportunyň at-abraýynyň mundan beýläk-de ýokary göterilmegi, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Myrat HANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar