Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesilleriň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir» atly duşuşyk geçirildi.
Täsirli geçen duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň 18-nji bendine laýyklykda, ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olarda kitaba bolan çuň höwesi döretmekde hem-de ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmekde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sülgün ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.