DÖREDIJILIK ÝOLY BILEN WATANYMYZYŇ BEÝIK GELJEGINE TARAP

Golaýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaradan soňra TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda ýaýlyma berilýän “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşige «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Nurmuhammet Haşyrow we «Owadan ýazuw» atly bäsleşigiň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Parahat Batyrow hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Keseýap geňeşliginiň ýaşaýjysy Çynar Azadowa dagylar gatnaşyp, ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda döredilýän şert-mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň ruhy we beden taýdan sagdyn, işbaşarjaň we zehinli bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 59 okalan

TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

21 Maý 2025 | 40 okalan

IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

16 Maý 2025 | 505 okalan

DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER