TEBIGATY AÝAWLY SAKLAMAK HÄZIRKI ZAMANYŇ MÖHÜM UGRY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň goralmagyna, ýurdumyzy bagy–bossanlyga öwürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady – adamyň ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň abat saklanmagyny hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda çogly güneşli, gaýtalanmajak landşaftly, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi we özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň tebigy howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek duýgularyny döredipdir. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärleri kemala gelipdir.

Şu mümkinçilikler sanly ulgam bilen utgaşdyrylyp has-da kämilleşdirilýär. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň eko ulgamy hem bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge degişlidir. Arkadag şäheriniň eko ulgamy döwrebaplygy we häzirkizaman ýagdaýy bilen tapawutlanýar hem-de halkara derejesinde ykrar edilýär. Ýeri gelende bellesek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek arkaly atmosfera goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy, atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramagyň zerur şertleriniň biridir.

Daşky gurşawy goramakda, tebigaty aýawly saklamakda dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirip, biz ýaşlara şahsy görelde görkezýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun.

Rahymgylyç ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
3-nji ýyl talyby, TMÝG-niň agzasy

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 59 okalan

TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

21 Maý 2025 | 40 okalan

IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

16 Maý 2025 | 505 okalan

DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER