Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy biz — ýaşlary has-da buýsandyrdy, şatlygymyza şatlyk goşdy. Futbolçylarymyzyň ajaýyp üstünligi milli sportumyzyň dünýä derejesine çykarýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň iň ýaş futbol toparydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen sportunyň dünýädäki abraýynyň arşa galmagynda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda uly waka boldy. «Arkadag» futbol toparynyň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy hem-de Naýbaşy kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy bu futbol toparynyň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalarynyň biri hökmünde taryhy girjekdigi şübhesizdir. Çünki “akylly” şäheriň «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolup, türkmen sportunyň şan-şöhratyny belende göterdi. Bu üstünligiň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary ýerine düşdi diýsek örän jaýdar. Hut şonuň üçinem biz ýaşlara sportda öňe gitmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Baýramgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.