MILLI DÖWLETLILIGIMIZIŇ NYŞANY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda güneşli diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyny dabaraly belläp geçen bagtyýar halkymyz sanlyja günden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan baýram eder.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny,  ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.

Bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe aýratyn ähmiýet berýär. Her ýylda şanly senäniň şanyna Watanymyzyň ähli sebitlerinde baý öwüşginli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy hem şeýle diýmäge esas berýär.

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy we Baş baýdak meýdançasy, ýurdumyzyň sebitlerindäki Baş baýdak meýdançalary baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrülýändigini buýsanç bilen bellemek ýakymly. Goşa mukaddesligiň şanyna geçirilýän bu dabaralar ulus-ilimiziň watansöýüjiligini, jebisligini, agzybirligini äşgär edýär, ildeşlerimizi ajaýyp döwrümiziň beýik işlerine hem-de ösüşlerine galkyndyrýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden toý ediljek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna bagtyýar ýaşlar bolup, çäksiz höwes bilen işjeňlikde gatnaşarys. Milli gymmatlyklarymyz bolan Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl Tugumyzyň şanyna uludan toý toýlamaga giň şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Tylla MEÝDANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar