Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi parahatçylygy üpjün etmekde we ynanyşmagy berkitmekde möhüm ädim bolup durýar. Bu ýörelgeden ugur alyp, her ýylda ýurdumyzda birnäçe döwletleriň gatnaşmagynda medeniýet hepdelikleri geçirilip, konsertleriň, teatr sahnalarynyň hem-de gurnalýan sergileriň esasynda, şol gatnaşan döwletleriň medeniýeti bilen içgin tanyşmak bolýar.
2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu parasatly şygarymyz bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Maý aýynyň 14-ne ýokary okuw mekdebimizde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly geçirilen sergi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Sergide çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň naýbaşy eserleri görkezilip, halk köpçüligine ýetirildi. Suratkeşler öz ýürek buýsançlaryny, ylham joşgunlaryny eserlerine siňdirip, her bir eserde parahatçylygyň hoş owazy ruhuňy galkyndyrýar.
Diňe nakgaş eserlerinde däl, eýsem amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler, ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sungatyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetirilen eserler, bu ugurlaryň ösüş ýagdaýynyň we kämillik derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ogulmaral ÇARÝAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.