GAHRYMANLARYŇ GAÝDUWSYZLYGY — WATANA WEPALYLYGYŇ BEÝIK NUSGASY

Ýakynda Baýramaly etrap, şäher häkimliginiň, medeniýet bölüminiň, bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Baýramaly şäher medeniýet öýünde Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli ýaşuly nesilleriň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleriniň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda “Gahrymanlaryň gaýduwsyzlygy — watana wepalylygyň beýik nusgasy” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.

Dabaraly çärede Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy kümüş saçly ene Aýnabat Çerkezowa, Baýramaly etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň mejlisiň deputaty Maral Garagulowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda 1941-1945-nji Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy hem-de häzirki wagtda ýurdumyzy gözüniň göreji deýin goran Watan Gahrymanlaryna goýulýan uly hormat-sarpa, gazanylan Beýik Ýeňşiň netijesinde eşretli parahat zamananyň gadyr-gymmaty dogrusynda täsirli gürrüňler edilip, etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar