Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň etrap Polisiýa bölümi we etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda “Ýolötennebitönümleri” kärhanasynyň zähmetkeşleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň derňew bölümçesiniň müdiri Serdar Galakow, Ýolöten etrabynyň ymamy Serdar Babaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa dagylar çykyş edip, demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli we halal zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ahmet NURJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.