Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda kitaphanaçylaryň we ýaşlaryň gatnaşmagynda “Gahrymanlar hiç wagt unudylmaýar” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler mukaddes ýörelgelerimize berk eýerýän merdana watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezendikleri, tylda galanlaryň front üçin gijesini gündiz edip zähmet çekendikleri dogrusynda giňden gürrüň etdiler. Ajaýyp zamanamyzda uruş weteranlaryna edilýän kömek-goldawlaryň olara goýulýan uly sarpadan nyşandygy hakyndaky täsirli çykyşlar hem maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp zamanada ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Laçyn KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.