Häzirki günlerde bagtyýar ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleridir, maslahat duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini durmuşa geçirmek, şeýle hem, ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmek maksady bilen, «Kitap — ynsanyň ruhy hemrasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň wekilleriniň hem-de kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen täsirli duşuşykda bagtyýarlyk nuruna beslenen ýurdumyzda kitaba, kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygy, bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýandygy aýratyn nygtalyp, kitabyň paýhas gönezligidigi we gymmatly genji-hazynadygy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.