WATAN GERÇEKLERI UNUDYLMAÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler zalynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Watan gerçekleri unudylmaýar’’ atly maslahat geçirildi.

Maslahatda TZB-niň Mary şäher bölüminiň agzasy Ogulnäzik Atageldiýewa, TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçileri Toýly Garýagdyýew, Gülälek Mämmedowa, TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Şatlyk Serdarow, institutyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow, Mary şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Parahat Annadurdyýew dagylar çykyş edip, Beýik Watançylyk urşunyň jebir-jepalary, ýetiren zyýany, tylda galanlaryň görkezen edermenligi, irginsiz zähmeti, häzirki döwürde uruş weteranlaryna goýulýan uly hormat-sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şatlyk SERDAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar