ÝEŇIŞ DABARASY ÄLEME DOLSUN

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň hem-de welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda “Ýeňiş dabarasy äleme dolsun” atly gezelenç çäresi geçirildi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan gezelenç diýseň gyzykly hem täsirli boldy.

Gezelençde ýaşlar muzeý gymmatlyklaryna syn edip, olar hakynda ençeme maglumatlary öwrendiler. Şeýle-de, bu ýerde çykyş edenler döşlerini orden-medallar bezäp duran weteranlaryň gahrymançylykly ýollary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri, döredip berýän şertleri dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň halkymyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, wagyz etmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Maýa AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar