Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda şäheriň 4-nji sport mekdebinde «Sport üstünligiň açary» ady bilen ýaş türgenleriň arasynda sportuň Taekwondo ITF görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmek, ýaş türgenleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, onda ussat türgenler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan türgenlere Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda bedenlerini berkitmegi, geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Resul BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň başlygy.