AÝDYM-SAZLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli institutyň mejlisler zalynda “Dillerinde Arkadaga alkyş bar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Kerwen Berdiliýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Yklymmyrat Tuwakmyradow, “Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa, institutyň mugallymy Röwşen Döwranow hem-de 2-nji ýyl talyby Babageldi Akyýew dagylar çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan içeri hem daşary syýasat, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar barada edilýän taýsyz tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahat duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar duşuşyga gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy we zähmet çekmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňMary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar