Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Wekilbazar etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň Gara oba kitaphana şahamçasynda «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly maslahat geçirildi.
Duşuşykda Wekilbazar etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Kulyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň Mollanepes Geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Mähri Annaýewa hem-de şol geňeşligiň Gara oba medeniýet öýüniň medeni-köpçülik çäresiniň guramaçysy Aýna Çöliýewa dagylar çykyş edip, ýaşlary kitap okamaga çekmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgüni döretmek hakynda gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mähri SAPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň hasapçy buhgalteri.