Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişdi bedewler — halkymyzyň göwün ganaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Şatlyk Serdarow alyp baryp, onda Mary welaýat kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Maýsa Berdigulyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri Laçyn Kakajanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Sähra Ummalyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Ýazbibi Akymowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirip, ýurdumyzda bedewlere goýulýan hormat-sarpa, tohum atlaryň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de olaryň saýlama tohumlarynyň baş sanyny artdyrmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Batyr GURDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.