Ýakynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň etrabyň 22-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça «Ýyndamlykda belli türkmen bedewi» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olarda ata Watanymyza, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hem-de ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran edýän behişdi bedewlerimize çuňňur söýgini kemala getirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň gyzykly we täsirli geçdi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan hem-de oňa gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredijilik bilen meşgullanmaga, ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül DODYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.