BEDEWLERE BAGYŞLANYP SERGI GURALDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Şatlyk şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Owazasy dünýä dolan bedewler» ady bilen bu mekdebiň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi guraldy.

Okuwçylaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak maksady bilen guralan hem-de türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bu sergide gözelligi we hoşgylyk tebigaty bilen özüne çekýän ajaýyp ahalteke atlarynyň suratlary goýuldy.

Sergä gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sona BABAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar