Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda etrabyň 28-nji orta mekdebinde etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede etrap kazyýetiniň işgäri Muhammetberdi Akmyradow, etrabyň Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Baýmyrat Ýazlyýew, etrap häkimliginiň hünärmeni, etrap zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Dünýä Çaryýewa, etrabyň 28-nji orta mekdebiniň müdiri Hudaýberdi Hydyrow dagylar çykyş edip, ýurdumyzda ýaş nesli watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy ýörelgelerimiziň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, halal zähmet çekmekleri, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.