KITAP — ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

Ýakynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň etrabyň merkezi kitaphanasy, etrabyň 1-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda okuwçylaryň gatnaşmagynda «Kitap — ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen etrabyň Merkezi kitaphanasyna gezelenç guraldy.

Çärede ýaşlar kitaphanaçy Aýna Akmämmedowanyň ýolbaşçylygynda kitaphananyň bölümleri we bu ýerde ýerleşdirilen kitaplar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdylar.

Täsirli geçen gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülnar GURBANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar