GELIN GYZLAR DÜNÝÄMIZIŇ BEZEGI, AKYL-PAÝHAS UMMANYNYŇ ÝÜZÜGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Gelin gyzlar dünýämiziň bezegi, akyl-paýhas ummanynyň ýüzügi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurady.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Mähri Saparowa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Altynjemal Mämmedowa hem-de Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Selbi Hanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlerde zenanlaryň hem uly goşandynyň bardygy, Türkmenistan döwletimizde gelin-gyzlaryň, eneleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, işlemegi, oňat dynç almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, olara çäksiz sarpa goýulýandygy hakynda bellediler. Şeýle-de, maşgala mukaddesliginiň, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzyň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Akjeren ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar