SAGLYK — BAHASYZ BAÝLYK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, şol etrabyň 2-nji sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdepleriniň arasynda “Saglyk — bahasyz baýlyk” atly sportuň milli göreş görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik çekeleşikli we gyzgalaňly geçip, birinji orna etrabyň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri, ikinji orna 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary, üçünji orna etrabyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldular. Tapawutly çykyş eden ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar sport bilen meşgullanmaga, bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge döredip berýän ähli şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maksatmyrat TÄÇMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň Serhetabat

şäher bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar