Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 8-nji orta mekdebinde «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga şol mekdebiň mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Gyzykly geçen maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan ajaýyp eserleriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülendigi, olaryň ýaşlar tarapyndan iň bir söýüp okalýan kitaplardygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, halal zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.