TÄSIRLI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap zenanlar guramasynyň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda ene-mamalarymyzdan miras galan türkmen milli däp-dessurlaryny, el hünärini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Ýazgül enäniň hojalygynda “Alaja el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy” ady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ýazgül ene gadymdan gelýän el işlerimiz, däp-dessurlarymyz barada giňişleýin gürrüň berip, alajalaryň ähmiýeti, durmuşda ulanylyşy, olar bilen bagly ynançlar hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de, bu ýerde mährem enäniň öňden taýýarlan alajalaryna syn edilip, olaryň işilişiniň inçe syrlary öwrenildi. Guralan duşuşyk ýaşlar üçin örän täsirli boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar