Ýakynda Garagum etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Garagum” sport toplumynda “Sagdyn nesil — bagtly geljek” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýaş türgenler sportuň woleýbol, boks, göreş we tanap çekmek görnüşleri boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Ýeňiji bolan türgenler etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda ýaşlaryň sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanyp, tejribelerini artdyrmaga we kämilleşmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.