BEDEW ATYM — GANATYM

Golaýda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilýän Bedew baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň hem-de Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda ady agzalan muzeýe «Bedew atym — ganatym» atly gezelenç guraldy.

Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan maddy we medeni gymmatlyklary janlandyrýan bölüme, arheologiýa hem-de tebigat bölümine gezelenç etdiler. Muzeýde ýerleşdirilen milli baýlyklarymyz, aýratyn-da, bedew baýramy mynasybetli gurnalan sergi ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli taryhy-medeni mirasyň ýadygärliklerini ýüze çykarmaga, gorap saklamaga, öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar