Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgüni döretmek maksady bilen, Serhetabat şäher kitaphanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Kitap bilen taryhyň syrly gatlary açylar” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahat duşuşygynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäher bölümçesiniň baş hünärmeni Tawus Aşyrowa, Serhetabat şäher kitaphanasynyň Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy Arzygül Hümmedowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda kitaphanalaryň ähmiýeti, kämilligiň merkezidigi, elýeterli bilim çeşmesidigi we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tawus AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň
baş hünärmeni.