Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2-nji “Lälezar” çagalar bakja-bagynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, “Sport — kämillige badalga” atly ýakyn aralyga ylgamak boýunça sport bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde körpeler bellenen aralykda ylgamak boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Gyzykly hem çekeleşikli geçen bäsleşikde çagalar özleriniň beden taýdan sagdynlygyny, erjelligini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar çagalar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül DODYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyňMary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.