BAÝ TARYHYM — MILLI BUÝSANJYM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 38-nji orta mekdebiniň muzeýine «Baý taryhym — milli buýsanjym» atly gezelenç çäresi guraldy. Oňa TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgärleri we şol mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Gezelençde türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ähmiýetini düşündirmek, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna daýanyp, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we gorap saklamak barada gyzykly gürrüňler edildi.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde we ony wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sülgün ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar