KITAPLY NESIL — BAGTLY NESIL

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 45-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegini gazanmak we olarda kitap okamak endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Kitaply nesil — bagtly nesil» ady bilen çäre geçirildi.

Çykyş edenler gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň bilimli adamlara, kitaba örän uly sarpa goýýandygy, kitabyň ynsanyň ýakyn hemrasydygy barada giňişleýin söhbet edip, kitap hakyndaky gürrüň berlen rowaýatlardyr tymsallar has-da täsirli boldy. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ýaşlar üçin ýol-ýörelgedigini aýratyn nygtap geçdiler.

Mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Merjen Şatlykowanyň, 11-nji synp okuwçysy Ülker Atdaýewanyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ýerine ýetiren çeper okaýyşlary bu çärä gatnaşanlarda üýtgeşik täsir galdyrdy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňemeginde, olaryň kitaba bolan söýgüsiniň has-da ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar