Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de şäher Çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli okuwçylaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar we hor toparlarynyň Watan mukaddesligini, beýik gahrymanlarymyzy wasp edýän baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem, bu ýerde guralan Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň eserleriniň baýramçylyk sergisi hem oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Aýdym-sazly duşuşyga işjeň gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda bilimli, ylymly, watansöýüji, ýokary ahlakly, zähmetsöýer ýaş nesilleri terbiýelemek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.